Turkmenportal logo
02.01.26
1792817928
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Röwşen Nepesowyň orkestriniň Täze ýyl konsertiniň goşmaça seansy açyldy
Röwşen Nepesowyň orkestriniň Täze ýyl konsertiniň goşmaça seansy açyldy

2026-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň Täze ýyl konserti geçiriler. Konsert tomaşaçylaryň köpüsine gatnaşmak mümkinçiligini döretmek maksady bilen, üç seansda — 13:00‑de, 16:00‑da we 18:00‑de görkeziler.

Konsertiň maksatnamasynda «Klon», «Santa‑Barbara», «Brigada», «Sprut» ýaly meşhur teleseriallaryň aýdym‑sazlary ýaňlanar. Şeýle hem türk teleseriallary bolan «Leýla», «Uzak şäher», «Eşref we Ruýa», «Çukur» we «Kara Sewda» ýaly filmleriň sazlary orkestr tarapyndan ýerine ýetiriler.

Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow, aýdymçy Aýna Baýramgeldiýewa hem-de ýaş kompozitor‑pianist Gulgeldi Gatyýew çykyş eder. Dirižýor hökmünde Eziz Jumanyýazow çykyş eder. Konserti Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow alyp barar.

Täze ýyl konserti tomaşaçylara ýatdan çykmajak sazly pursatlary we baýramçylyk ruhuny bagyşlar. Dürli ýurtlaryň meşhur seriallarynyň saz eserlerini öz içine alýan baý maksatnama her bir tomaşaça öz söýgüli mukamlaryny diňlemäge mümkinçilik döreder.

Maglumatlary almak we biletleri sargyt etmek üçin telefon belgisi: +993 61 23 52 34.