Turkmenportal logo
Şu gün 13:36
71667166
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mişustin: Hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýär
Mişustin: Hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýär

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýollan Täze ýyl gutlagynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň hem bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi.

«Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi täze — 2026-njy ýyl mynasybetli gutlaýaryn.

Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda geljegi uly bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Täze ýylda köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine, täze başlangyçlara badalga bermek üçin amatly şertleriň dörediljekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär» diýlip, M.Mişustin öz gutlagynda nygtaýar. Gutlagyň teksti dolulygyna TDH-niň saýtynda ýerleşdirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy gutlagynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýär.