Bolgariýa 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýewro geçer. Şunlukda, ol Ýewropa Bileleşiginde bu pula geçen 21-nji ýurt bolar hem-de ýewro ulanýan ýewropalylaryň sany 350 million adama ýeter diýip, «Reuters» habar berýär.
Bolgariýadan öň Ýewrozolaga goşulan iň soňky ýurt Horwatiýa boldy, ol bileleşige 2023-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy.

