Turkmenportal logo
Düýn 13:00
86418641
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere töleg möhletlerini ýatladýar
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere töleg möhletlerini ýatladýar

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hususy telekeçilere 2025-nji ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyryşy hakynda» Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewralyna çenli pensiýa töleglerini tölemelidirler.

Pensiýa gaznasy telekeçileri hökmany pensiýa töleglerini tölemek üçin bellenen möhletlere eýermäge çagyrýar.