ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň täze saýlanan häkimi Zohran Mamdaini Injiliň ornuna Gurhandan kasam kabul eden ilkinji musulman şäher ýolbaşçysy boldy. Ol bu wezipede Erik Adamsy çalyşdy. Bu barada «Fox News» teleýaýlymyna salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.
Kasam kabul edişlik iki gezek: biri 1-nji ýanwar gijesi taşlanan metro bekedinde ýapyk görnüşde, beýlekisi şäheriň häkimliginiň edarasynda köpçülikleýin çäre görnüşde geçirildi.
34 ýaşly hindi asylly Mamdani Nýu-Ýorkuň şäher ýolbaşçysy wezipesinde dört ýyl işlär. Onuň ikinji möhlete saýlawlara gatnaşmaga hukugy bar. Emma ol Ugandada doglandygy sebäpli, ABŞ-nyň Prezidenti wezipesiniň saýlawlaryna gatnaşyp bilmez.
Zohran Mamdani elýeterli azyk harytlarynyň dükanlaryny açmak, şäheriň käbir etraplarynda öýleriň kärende nyrhlaryny azaltmak we awtobuslarda mugt gatnawy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär.
Öň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Mamdanini kommunist diýip atlandyryp, tankyt etdi, emma soňra onuň pikirleri bilen ylalaşyp, tankydy garaýşyny ýumşatdy diýlip, habarda bellenýär.

