2025-nji ýylyň her bir güni üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurduň içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülip, täze taryhy döwrümiziň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup girdi. Bu barada TDH habar berdi.
Hususan-da, ýurduň oňyn Bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasaty üstünliklere beslendi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşmagy, bu ýylyň ýurduň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, adamzadyň abadançylygynyň bähbidine halkara tagallalaryň birleşdirilmeginde möhüm tapgyr boldy.
Ýylyň başynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi ýurduň bu şanly ýyla ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda mümkinçilik hökmünde garaýandygyny görkezdi. Munuň şeýledigini bu ýylda Türkmenistanda möhüm halkara çäreleriň geçirilmegi, ýurduň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen subut edýär. 2025-nji ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurduň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty, Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan halkara forum we olaryň çäklerindäki ugurdaş çäreler häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmakda we işläp taýýarlamakda dünýä ähmiýetli wakalar boldy. Olara onlarça döwletiň, iri halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meseleleri boýunça täze strategik gün tertibi kesgitlenilýär. Awaza maslahatynyň jemleriniň ýokary halkara ähmiýete eýedigi oktýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň mysalynda-da äşgär görünýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň ýene iki sany resminamany — «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» we «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalary kabul etmegi şanly ýylyň soňky günlerine aýratyn öwüşgin çaýdy. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň Milletler Bileleşiginiň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşynda öňe süren, adamzadyň abadançylygyna we tutuş dünýäniň durnukly ösüşine gönükdirilen başlangyçlarynyň halkara bileleşigiň giň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny görkezen möhüm wakadyr.
Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň daşary ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar, işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň tutuş tapgyryny geçirendigini bellemek gerek. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi hem-de Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen oňyn halkara gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze eýýamy açýan wajyp ylalaşyklar gazanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy şanly ýylda milli we halkara derejede alyp baran ynsanperwer işleriniň gerimini has-da giňeltdi. Mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat guraldy. Olaryň jemleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hazaryň gözel kenarynda haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy çagalaryň saglygyny dikeltmek we bejermek babatda ýaýbaňlandyrylan işleri mundan beýläk-de ilerletmekde wajyp ädim boldy.
Şanly ýylda ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça möhüm işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny hem-de ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň döwletiň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmäge gönükdirilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny aýratyn bellemek gerek.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň her bir güni depginli ösüşlere baý boldy. Indi ençeme ýyldan bäri ýurtda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly ýyly ýurduň ykdysady kuwwatynyň, halkyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň beýanyna öwrülen iri desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna hem-de beýleki möhüm wakalara beslendi. Bu ýylda paýtagty, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň baý ykdysady we tebigy mümkinçiliklerini özleşdirmäge ýardam berýän çözgütler kabul edildi.
2025-nji ýylda şanly baýramçylyklara gabatlanyp, ýurduň dürli künjeklerinde durmuş we önümçilik maksatly iri desgalar açylyp ulanmaga berildi. Ýurduň döredijilik kuwwatynyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti şanly ýylyň ilkinji günlerinde Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny, çeper halyçylyk kärhanasyny, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini we beýleki desgalary gurmaga ygtyýar bermek hakynda resminamalara gol çekdi. Arkadag şäheri häzirki zaman binagärliginiň ajaýyp nusgasydygyny, onuň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýedigini tassyklaýan halkara güwänamalara mynasyp bolýar.
Türkmenistanyň ähli ýerini gurşap alýan giň gerimli gurluşyklary ýokary hilli serişdeler bilen üpjün etmek, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak maksady bilen, iri önümçilik desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigi nygtalmaga mynasypdyr. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bäherden keramiki önümler kärhanasy hem-de paýtagtyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhana açyldy. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy, Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabaralary hem ýatdan çykmajak wakalara beslendi.
Milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn düzümini emele getirýän ýangyç-energetika pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurduň ägirt uly uglewodorod çig mal gorlary sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi ilerletmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli peýdalanylýar.
Şu ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadag Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi. Bu ýylda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» tassyklanyldy.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde döwrebap obalaryň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäniň açylyş dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Mundan başga-da, iri maldarçylyk, ýyladyşhana toplumlary, daýhan hojalyklary yzygiderli gurlup, azyk bolçulygynyň berk binýady kemala getirilýär. Döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň ulanmaga berilmegi-de muny doly tassyklaýar. Döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde öndürilýän oba hojalyk önümleri görnüş we möçber babatda ýokary ösüşe eýe bolýar. Şu ýyl ýurduň gallaçy babadaýhanlary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny döwlet harmanyna tabşyrdylar.
2025-nji ýylda ulag-aragatnaşyk toplumynyň gurluş düzümi döwrebaplaşdyryldy. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilip, iri infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
2025-nji ýylda paýtagtda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, Diýaryň dürli künjeklerinde döwrebap desgalar yzygiderli gurulýar. Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze, goşmaça okuw binasy we beýleki desgalar paýtagtda, Lebap welaýatynda umumybilim berýän orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly ýagdaýda açyldy. Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň, paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Garadaşaýak» ýaşaýyş toplumynda gurlan saglyk öýüniň açylyş, şeýle hem Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary hünär baýramyny ýatdan çykmajak waka öwürdi.
Ýurduň ýaşlary we türgenleri dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýarlar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramynyň yzysüre, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmagy olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.
2025-nji ýylda ýurtda we daşary döwletlerde dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri, döredijilik festiwallary geçirildi. Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi döredijilik işgärleriniň özara tejribe alyşmagyna, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine amatly şertleri döretdi. «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy bu ugurda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň iň esasy netijeleriniň biri boldy. Ýeri gelende, Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigini hem bellemek gerek.
Ýurduň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna, dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşant goşan daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň, şeýle hem ýadygärlik nyşanlarynyň gowşurylmagy 2025-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň 2025-nji ýylda neşir edilen «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi ýurdumyzyň ylmy gazananlarynyň we edebiýat gorunyň has-da baýlaşmagyna goşant boldy. Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bolsa ýurduň oňyn Bitaraplyga esaslanýan şöhratly ýolunda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp beýanyna öwrüldi.

