Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Aşgabatdaky meýletinçileri paýtagtymyzyň iki hassahanasynda bejergi alýan kiçijik näsaglar üçin Täze ýyl baýramçylygyny gurnadylar.
Sosial ulgamlarda yglan edilen haýyr-sahawat çäreleri arkaly Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri Täze ýyl sowgatlaryny we oýunjaklaryny topladylar. Bu işe şäherdäki käbir kompaniýalar hem-de paýtagtymyzyň raýatlarynyň köpüsi gatnaşdy.
Meýletinçiler konsert maksatnamasyny taýýarlap, oňa Aýazbaba bilen Garpamyk, ertekilerden tanalýan gahrymanlar gatnaşyp, şatlykly aýdymlar, oýunlar, sahna çykyşlary we tanslar bilen baýramçylyk şowhunyny döretdiler.
Bu çärä taýýarlyk görmek bilen, meýletinçiler öz wezipelerini anyk düşünýärdiler: Täze ýyly hassahanada garşylamaga mejbur bolan çagalaryň bu baýramyň ähli ýylylygyny we jadysyny duýarlary ýaly, ony ýokary derejede geçirmelidiler.
Mundan başga-da, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçilik işlerini ösdürmek boýunça utgaşdyryjysy J. Gawrilowa paýtagtda tanalýan «Rishat event» baýramçylyk çärelerini gurnaýan agentligini bu ajaýyp başlangyja işe çekmegi başardy. Bu agentlik haýyr-sahawat esasynda hassahanalaryň birinde çagalar üçin Täze ýyl çäresini geçirmek jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Netijede, bu haýyr-sahawat çäresine hassahanadaky çagalaryň 65-si gatnaşyp, olar Täze ýylyň jadyly we şatlykly gurşawyna aralaşmak bilen, Aýazbaba bilen Garpamykdan süýji sowgatlary we ajaýyp oýunjaklary aldylar.
Aşgabatdaky meýletinçilik merkeziniň esasy wezipeleriniň biri — meýletinçileri haýyrly işlere çekmek, raýat jemgyýetini ynsanperwer we haýyr-sahawat kömegini bermekde jebisleşdirmekdir. Bu çäre arkaly Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri özlerine goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýändiklerini ýene bir gezek subut etdiler.

