Aşgabatdaky Rus öýüniň hünärmenleri Türkmenbaşy şäherinde Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlar üçin Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky bilim seminaryny geçirdiler. Duşuşyk Russiýa Federasiýasynda bölünip berlen ýerler (kwota) esasynda ýokary bilim almagyň mümkinçiliklerine bagyşlandy diýip, Aşgabatdaky Rus öýüniň metbugat gullugy habar berdi.
Bu seminar Rus öýüniň bilim maksatnamasynyň çäginde tamamlanyp barýan ýylyň jemleýji çäresi boldy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar bölünip berlen ýerler (kwota) esasynda okuwyň şertleri, saýlama tapgyrlary, zerur resminamalaryň sanawy we arzalary kabul etmegiň möhletleri barada maglumat aldylar. Şeýle hem Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri we isleg bildirilýän okuw ugurlary görkezildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, seminaryň amaly böleginde hünärmenler soraglara jogap berdiler we kabul ediş tapgyry boýunça maslahat berdiler. Munuň özi dalaşgärler üçin aýratyn gyzykly boldy.

