Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň ykdysadyýet we hukuk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sanjar Hazratkulow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
Gazagystan Respublikasynyň “Bilim Orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bu halkara bäsleşigiň eminler topary Sanjar Hazratkulowyň ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryna öran ýokary baha berdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplaryň ähli üstünlikleri hem “GDA-nyň iň gowy talyby” diýen halkara kitap ýygyndysyna girilizjekdigini bellemek gerek.
Bu halkara bäsleşiginde gazanylan ýeňiş bilen Sanjar Hazratkulow GDA-nyň iň gowy talyplarynyň hataryna goşuldy

