Dünýä meşhur bolan eýran‑şwed ýerine ýetirijisi Arash türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ähli esasy hitlerini ýerine ýetirjek ýatdan çykmajak şowhunly konserti wada etdi. Bu barada artist Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara maglumat merkezinde çap edilen wideo ýüzlenmesinde aýtdy.
«Örän köp hereket, şatlyk bolar, biz köp nusgawy aýdymlary ýerine ýetireris, olaryň köpüsi sizde ýakymly ýatlamalar bilen baglanyşyklydyr. Size doly topar bilen çykyş etmegi wada berýärin. Biz örän şatlanarys» — diýip, artist belledi.
Ol şeýle hem dünýäniň çartlarynda birnäçe ýyl mundan ozal uly meşhurlyga eýe bolan kompozisiýalarynyň ýerine ýetiriljekdigini mälim etdi. Olaryň arasynda «Gündogar ertekileri», Boro Boro we Pure Love aýdymlary bar.
«Sizi öz konsertimde görmek meniň üçin gaty ýakymly bolar» - diýip, Arash türkmen muşdaklaryna ýüzlendi.
Artist ýurduň ýolbaşçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdi: «Men Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Meni bu ýere çagyranyňyz üçin köp sag boluň, men bu ýerde bolanyma örän begenýärin» - diýip, aýdymçy nygtady.
Meşhur ýerine ýetirijiniň konserti 27-nji dekabrda Gyşky sport görnüşleri boýunça Sport toplumynda geçiriler we paýtagtymyzda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky konsert hepdesine badalga berer.
Mundan ozal Aşgabatda baýramçylyk konsertleri bilen Arash, MOT we Semicenk çykyş etjekdigi barada habar berilipdi.

