Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan Daşoguzdaky «Çeper» tikinçilik fabrigi giň assortimentli we ýokary hilli önümleri bilen tanalýar.
Fabrikde dürli edaralaryň buýurmasyna laýyklykda ýörite egin-eşikler tikmek bilen birlikde, onlarça görnüşdäki egin-başlar, düşek esbaplary we öý üçin niýetlenen dokma önümleri öndürilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar bermegine görä, bu ýerde müşderileriň isleglerini göz öňünde tutup, model hataryny yzygiderli täzelemek işleri alnyp barylýar. Bu bolsa öndürilýän önümleriň dürli-dürlüligini üpjün edýär.
Dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleriň tikilmegine aýratyn üns berilýär. Olar tebigy, allergiýa döretmeýän, howa geçiriş ukyby ýokary bolan materiallardan taýýarlanylýar. Şeýle eşikler çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyk gelýär we hereket ediş azatlygyny üpjün edýär.
Şu güne çenli fabrigiň ýyllyk önümçilik meýilnamasy artykmajy bilen ýerine ýetirildi.

