Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň orunbasary Maçeý Adam Madalinski 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda wezipä girişdi.
Häzirki wagtda j-p Madalinski – biziň redaksiýamyzda myhmançylykda. Täze wezipede haýsy ilkinji ädimleriň ädilendigi baradaky sowalymyza ol duşuşyklaryň birnäçesini: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem hyzmatdaş ýurtlaryň ilçihanalarynda öz kärdeşleri bilen we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirendigini belledi. Bulardan başga-da, ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňýanynda Awazada geçirilen “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny” atly halkara maslahata gatnaşdy.
- J-p Madalinski, umuman, Türkmenistan sizde nähili ilkinji täsirleri galdyrdy?
- Türkmen halkynyň myhmansöýerligi, milli tagamlar, şeýle hem şäheriň üpjünçilik ulgamlary mende örän uly täsir galdyrdy. Men siziň ýurduňyz bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligine uly gyzyklanma bilen garaşýaryn! Maňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçesinde bolup görmek miýesser etdi we bütin sebit mende uly täsir galdyrýar, sebäbi sebitde her bir ýurt özüçe özboluşlydyr. Hut şunuň üçin hem, men Türkmenistan bilen mundan beýläk-de tanyşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn! Ýurduň ähli sebitlerine baryp görmäge umyt bildirýärin, sebäbi olaryň her biriniň, gürrüňsiz, meniň üçin nähilidir bir täze zady açyp görkezjekdigine ynanýaryn.
- Türkmenistan bilen ÝB-niň özara gatnaşyklarynda soňky döwürde nämäni üstünlik diýip bellärdiňiz? Muňa haýsy görkezijiler şaýatlyk edýärler?
- Häzirki döwürde, gürrüňsiz, hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlary Türkmenistanda hususy pudagy goldamak, söwdany we ulag ulgamyny ösdürmek, “ýaşyl” özgertmeler, şeýle hem raýat jemgyýetini goldamak bolup durýar.
Mysal üçin, “Türkmenistan: durnuklylygy ýokarlandyrmak we söwda goşulyşmak” taslamasynyň çäklerinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany (MFTR) – Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) girmekde möhüm gepleşikleriň başlanmagy üçin zerur bolan esasy resminamany taýýarlamak babatda birnäçe anyk netijeler gazanyldy. Taslamanyň goldamagynda 14 sany milli kanunçylyk namasy iňlis diline terjime edildi, bu bolsa, Ähtnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tamamlamaga mümkinçilik berdi, ol häzirki wagtda resminamanyň BSG-niň Sekretariatyna berilmeginden ozal Hökümetiň tassyklamak amalyndan geçirilýär. Şol bir wagtda-da, taslama Türkmenistanyň BSG-ä girmegi barada gepleşikleri has gowy taýýarlamak maksady bilen, milli gepleşikleri alyp baryjylaryň mümkinçiliklerini berkitmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň söwda syýasaty boýunça bellenen milli geňeşçisi hem Ähtnamany taýýarlamak boýunça hem, kanunçylygy BSG-niň talaplaryna laýyk getirmegiň has giň meseleleri boýunça hem gündelik tehniki goldawy üpjün edýär.
Hyzmatdaşlyk etmegiň beýleki bir mysaly Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) “Türkmenistanda kiçi işewürlik üçin maslahatlar” atly maksatnamasy bolup durýar, ol 2018-nji ýyldan 2025-nji ýyllar aralygyndaky döwürde durmuşa geçirildi. Maksatnamanyň durmuşa geçirilen döwründe (2018-nji ýyldan başlap), 212 maslahat beriş taslamasynyň çäklerinde 225 sany kärhana goldaw aldy, bu bolsa, maksatnamanyň maksatlarynyň görkezijilerinden 125% ýokarydyr. Netijede, benefisiar kärhanalaryň 72%-i öz dolanyşygyny artdyrdylar, 58%-i zähmet öndürijiligini ýokarlandyrdylar we 56%-i işgärler sanawynyň düzüminiň sanyny giňeltdiler. Maksatnama, hakykatda, Türkmenistanda işewürlik-maslahat beriş tejribesiniň emele gelmegine ýardam etdi.
“Ýaşyl” özgertmeler ulgamynda Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetçiligi (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän, büjeti 4,5 mln ýewro bolan “ÝB ýaşyl Türkmenistan üçin: howa babatda syýasy dialog we hereketler” atly taslama synag çäreleriniň, öwrediji maksatnamalaryň we syýasy goldawyň netijesinde, ýaşyl energetika babatda anyk netijeleri üpjün edýär. Esasy üstünlikleriň biri gün energiýasyny we suwotulary ulanmak, şol sanda synag ýer bölegini kesgitlemek, tehniki spesifikasiýalary taýýarlamak we ýörite iş toparlaryny döretmek bilen, ýerasty suwlary arassalamak boýunça synag taslamasynyň işe goýberilmegi esasy üstünlikleriň biri boldy. Şonuň bilen birlikde, metanyň zyňyndylarynyň monitoringiniň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmaga taýýarlyk alnyp baryldy. Şeýle hem taslama jemgyýetçiligi energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we energiýanyň netijeliligi barada habarly etmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamaga ýardam berdi we Ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly maslahatyny geçirmäge goldaw berdi. Häzirki wagtda bu iş iň gerimli enjamlar bilen üpjün etmegiň, çuňlaşdyrylan tehniki türgenleşikleriň we “ýaşyl energetika” boýunça ÝB-Türkmenistan çäreleriniň geçirilmeginiň hasabyna düýpli giňeldilýär.
2026-njy ýylyň başynda Ýewropa Bileleşigi, Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän, býüjeti 2 million ýewro bolan täze başlangyjy işe girizer. Bu başlangyç Türkmenistanyň zähmet resurslaryny (işçi güýjüni) dolandyrmak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we pagtaçylyk pudagynda mynasyp zähmeti ilerletmek ugrundaky tagallalaryny goldamaga gönükdirilendir. Taslama kanunçylygy kämilleşdirmek, milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasy halkara zähmet standartlaryna laýyk gelmegi boýunça maslahatlary işläp taýýarlamak, şeýle hem gözegçilik (inspeksiýa), şikaýatlara seretmek we habarlylygy ýokarlandyrmak mehanizmlerini berkitmek babatda tehniki goldaw bermegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem men bilelikdäki komitetleriň mejlisleri we adam hukuklary boýunça dialoglar ýaly biziň yzygiderli dialoglarymyzyň açyklygyny bellemek isleýärin, soňky ýyllarda olaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň hili anyk ýokarlandy.
- Siziň pikiriňizçe, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň haýsy has geljegi uly ugurlary bar?
- Ýewropa Bileleşigi “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek we zyňyndylary, hususan-da, metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar diýip hasap edýär.
Türkmenistan ajaýyp tebigy energetiki mümkinçiliklere – gün energiýasynyň serişdelerine, güýçli ýellere we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýaramly giň çäklere eýedir, şol bir wagtda-da, Ýewropa Bileleşigi arassa tehnologiýalar, durnukly ösüşiň we maýa goýum gurallarynyň standartlary babatda köpýyllyk tejribä eýedir. Bilelikde bu şertler taraplaryň ikisi üçin hem bähbitli, häzirki zaman, geljegi uly bolan energetika hyzmatdaşlygy üçin esas döredýärler. Hususan-da, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegi goldamak üçin milli we sebit elektrik ulgamlaryny berkitmek möhümdir we Ýewropa Bileleşigi bu ugurda öz tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky COP28 sammitinde Metan boýunça ählumumy borçnama goşulandygyny hasaba almak bilen, ÝB ýurduň metanyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamakdaky tagallalaryny goldamagyny dowam etdirer.
Şeýle hem geljegi uly bolan ugur seýrek duş gelýän we örän möhüm peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar ulgamynda hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şeýle serişdelere bolan islegiň artýan şertlerinde bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barha uly ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa Ýewropada “ýaşyl” we sanly tehnologiýalara geçmegi üpjün etmek üçin zerur bolan örän möhüm peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar babatda ÝB-niň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmenistan tarapyndan bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilen halatynda, ol hyzmatdaşlyk etmegiň goşmaça ugry bolup bilerdi.
- 2026-njy ýylyň başyna nähili meýilnamalar bar?
- Biz, geljek ýylyň örän baý mazmunly bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Birinji ÝB-Türkmenistan işewürlik-forumy 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna meýilleşdirildi. Bu Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarynyň köpüsinden we Türkmenistandan işewür hyzmatdaşlaryň şeýle giň gerimde ýygnanyşmagynyň ilkinji mümkinçiligi bolar, şonuň bilen birlikde, ÝB agza döwletler bilen ikitaraplaýyn çäreler eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda geçirilip gelinýär. Şeýle hem biz Türkmenistan bilen bilelikde ilkinji ÝB-Merkezi Aziýa Zenanlar forumyny geçirmegi meýilleşdirýäris.
Bu çärelerden öň Türkmenistanyň ýaşlary we beýleki gatnaşyjylary ÝB-Merkezi Aziýa Raýat jemgyýeti forumyna gatnaşarlar, ony fewral aýynyň başynda Bişkekde geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan indiki ýylyň dowamynda Brýusselde ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar. Biz okyjylara bu ugurda has jikme-jik maglumatlary olar elýeterli bolan dessine ýetirmäge şat bolarys.
Sözümiň ahyrynda, 2025-nji ýylda biziň bilelikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasy bilen goldanylan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” belländigimizi nygtap geçeýin we men, pursatdan peýdalanyp, ähli okyjylara Täze 2026-njy ýylyň parahat we abadan bolmagyny arzuw etmek isleýärin! Häzirki çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlarda parahatçylyk örän zerurdyr we Ýewropa Bileleşigi adalatly we akýürekli parahatçylygyň tarapdary bolmagynda galýar.
- Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, j-p Madalinski, Türkmenistandaky wezipäňizi üstünlikli ýerine ýetirmegiňizi arzuw edýäris!
- Sizem sag boluň, Täze ýylyňyz şowly bolsun!
