Amerikanyň Arkanzas ştatynyň ýaşaýjysy Roždestwo bir gün galanda, meşhur «Powerball» lotereýa oýnunda 1,8 milliard dollar utdy. Bu barada lotereýanyň saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Powerball oýnunda iň uly utuş Arkanzas ştatynda gazanyldy! Ol ýerde satylan petekde ähli alty san gabat geldi, jekpot 1,817 mlrd dollara deň» diýlip, habarda aýdylýar.
Bu utuş ABŞ-nyň lotereýalarynyň taryhynda ikinji uly utuş boldy. Utuş ýeňijä bölekleýin berler, ol ilki puluň bir bölegini, soňra 29 ýyllap ýyllyk töleg alar. Islese, ýeňiji utuşyň hemmesini-de alyp biler, emma şunda onuň pulunyň möçberi salgytlary tutup galmak bilen, 834,9 million dollar bolar.

