Turkmenportal logo
25.12.25
2106321063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Tatneft» JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy awtokran hyzmatlary boýunça bäsleşik yglan edýär 

«Tatneft» JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ýük göterijiligi 50 tonnadan 60 tonna çenli bolan ekipažly awtokran ulagy bilen üpjün etmek boýunça manatda № 2025/51belgili bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatare-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Bäsleşigiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik tekliplerini azyndan 8 simwoldan ybarat parol goragy bilen ZIP formatda arhiwlenen elektron PDF formatynda bildiriş «Nebit-Gaz» gazetiniň www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993-65-83-18-99, +993-62-74-18-80.