Düýn Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Ilçihananyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, tanyşdyrylyş dabarasyna türkmen jemgyýetiniň wekilleri, ylym adamlary we talyplar gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen täze kitabyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini, şeýle hem ýurduň halkara giňişlikdäki parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezýändigini bellediler.
Dabaranyň ahyrynda ilçihananyň işgärleri «Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny berkitmekdäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna işjeň gatnaşandyklary üçin degişli adamlara şahadatnamalary gowşurdylar.

