Turkmenportal logo
22.12.25
2977329773
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin: Russiýa 2026-njy ýylda GDA-nyň çäginde Türkmenistanyň başlyklyk döwründe goldaw bermäge taýýar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) Türkmenistanyň başlyklyk etjek döwründe Moskwanyň ähli zerur goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutany Sankt-Peterburgda geçirilen GDA-nyň resmi däl sammitinde eden çykyşynda nygtady diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

«1-nji ýanwardan başlap, Arkalaşyga başlyklyk wezipesini ýerine ýetirmäge girişýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmenistanly kärdeşlerimize üstünlik arzuw edýärin. Size ähli zerur kömegi bermäge taýýar» diýip, Putin aýtdy.

Russiýanyň Lideri şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona 2025-nji ýylda GDA-da başlyklyk wezipelerini üstünlikli, möhüm başlangyçlar bilen ýerine ýetirenligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşýar. Döwlet Baştutany düýn iş sapary bilen sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga bardy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk eder.