Turkmenportal logo
22.12.25
2439524395
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Ermitaž muzeýine baryp gördi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Ermitaž muzeýine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa amala aşyrýan saparynyň dowamynda şu gün Ermitaž muzeýine baryp gördi. Bu barada rus Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dünýäniň iň uly muzeýleriniň biriniň ekspozisiýasyny synladylar.

Eksponatlar bilen tanyşlykdan soňra Ermitažyň Georgiý zalynda GDA agza döwletleriň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy başlandy.