Turkmenportal logo
20.12.25
1889918899
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda taslama işinde emeli aňyň ulanylyşyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda taslama işinde emeli aňyň ulanylyşyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi

2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda binagärlikde we dizaýnda emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanmaklyga bagyşlanan okuw-usuly sapagy geçirildi.

Çäre institutyň binagärlik kafedrasy tarapyndan, mugallymlar Aşy Gubaýewanyň we Şirmuhammet Jepbarowyň ýolbaşçylygynda guraldy. Okuwa onlaýn görnüşde Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlar we talyplar gatnaşdy.

Sapaga gatnaşyjylara binagärlik taslamalaryny döretmekde, şäher gurşawyny sanly modelirlemekde, interýer we eksterýer dizaýnlarynda emeli aňyň ulanylyşy barada maglumat berildi. Şunda häzirki zaman sanly platformalara, generatiw dizaýna we 3D‑modelirlemä aýratyn üns berildi.

Okuw sapagynyň amaly böleginde gurluşyk çözgütlerini optimizirlemekde we taslamalaşdyrma wagtyny gysgaltmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyşynyň mysallary görkezildi. Gatnaşyjylar emeli aňyň geljekki hünärmenleriň döredijilik we inženerçilik başarnyklaryny ösdürmekde mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçirilen okuwyň netijesinde gatnaşyjylar mowzugyň döwrüň talaplaryna laýyklygyny bellediler we şeýle okuwlaryň yzygiderli geçirilmegini arzuw etdiler. Guramaçylar bu okuwy ýurduň binagärlik bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň bir bölegi hökmünde görýärler.