Turkmenportal logo
19.12.25
3014830148
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» topary «Aşgabady» ýeňip, futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna çykmagy başardy
«Arkadag» topary «Aşgabady» ýeňip,  futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna çykmagy başardy

 «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda «Aşgabady» 4:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykdy. Oýun paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Ýeňiji toparyň düzüminde hüjümçi Didar Durdyew dubl etdi (21-nji we 86-njy minutlar). Şeýle hem Ahmet Ataýew (45+1) we Diýargylyç Orazow (88-nji minut) gol salmagy başardylar. «Aşgabadyň» ýeke-täk goluny Mergen Nurlyýew (37) öz adyna ýazdyrdy.

Birinji ýarym final duşuşygynda hem «Arkadag» 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, iki oýnuň netijesi boýunça (7:2) «Arkadag» finala çykmagy başardy.

Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» «Ahal» topary bilen duşuşar. Final duşuşygy 27-nji dekabrda geçiriler.