Sowuk howaly möwsümiň başlanmagy bilen «Maksatly Türkmen» kompaniýasy triplex-penjirelere bolan gyzyklanmanyň artandygyny belleýär. Bu häzirki zaman çözgüdi otaglarda ýylylygy netijeli saklamaga we ýaşaýyş hem-de iş ýerlerinde rahatlyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Triplex aýna köp gatly gurluşy bilen tapawutlanýar, ol ygtybarly ýylylyk we ses izolýasiýasyny üpjün edýär, bu bolsa gyş möwsüminde aýratyn ähmiýetlidir.
Triplex-penjireleriň esasy artykmaçlygy olaryň ýylylygyň ýitgisini azaltmaga we sowuk howadan otagy goramaga ukyply bolmagydyr. Aýnalaryň ýörite ýelimleme tehnologiýasy arkaly şeýle penjireler has ýokary berklige we howpsuzlyga eýe bolýar: aýna zeper ýetse-de, bölek-bölek bolup dargamaýar, gorag plýonkasynda saklanýar. Mundan başga-da, triplex köçedäki sesi netijeli peseldýär, otagda has rahat we ýakymly gurşawy emele getirýär.

«Maksatly Türkmen» kompaniýasy kämil hünärmenler tarapyndan ölçemekden we olaryň taslamasyny düzmekden başlap, penjire we gapy gurluşlaryny öndürmek hem-de gurmak boýunça doly hyzmatlary hödürleýär. Gurnamalary ýokary hilli materiallar we ygtybarly furnitura bilen üpjün edilip, tejribeli hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bu bolsa önümleriň uzak ömürliligini we durnukly ulanylyşyny kepillendirýär.
Triplex-penjireleri we gapylary kompaniýanyň Aşgabatdaky ofisinde sargyt edip bilersiňiz. Salgysy: G. Kulyýew köçesi, bina №28.

Habarlaşmak üçin:
• Telefonlar: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33;
• Sosial ulgamdaky sahypa.
«Maksatly Türkmen» kompaniýasynda belleýişleri ýaly, häzirki zaman penjire ulgamlarynyň wagtynda gurnalmagy diňe sowuk möwsümde ýylylygy saklamaga däl-de, eýsem ýyladyş çykdajylaryny hem azaltmaga mümkinçilik berýär.

