Tokioda 19–20-nji dekabr günleri döwlet Baştutanlary derejesinde ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammiti geçiriler. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Diplomatik wekilhananyň berýän habaryna görä, sammite Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri gatnaşarlar. Sammite Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti başlyklyk eder.
Sammitiň Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we birek-birege peýdaly gatnaşyklary has-da berkitmäge mümkinçilik bermegine garaşylýar.
Sammitiň çäginde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň goldawy bilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» atly Işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Premýer-ministr Takaiti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär. Bu duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

