ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Birleşen Ştatlara giriş çäklendirmelerine degişli birnäçe ýurduň sanawyny giňeldýän karara gol çekdi. Ak tam tarapyndan çap edilen resminama laýyklykda, täze çäreler 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer we goşmaça 20 ýurda hem-de çäklere degişli bolar.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistana degişli ozal hereket edýän çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilendigi barada habar berildi. Türkmenistanyň raýatlaryna B‑1, B‑2, B‑1/B‑2, F, M we J kategoriýalary boýunça immigrasiýa degişli bolmadyk wizalaryň berilmegine girizilen gadaganlyk ýatyryldy. Bu kategoriýalar işewürlik, syýahatçylyk, talyplyk we alyş-çalyş maksatlary üçin berilýän wizalary öz içine alýar.
Şol bir wagtda,Türkmenistanyň raýatlaryna immigrasiýa wizalarynyň berilmeginiň togtadylmagy güýjünde galýar. Ak tam bu karary Türkmenistanyň ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlyk edendigi we ozalky karardan soň şahsyýetleri anyklamak hem-de maglumat alyş-çalyş amallaryny kämilleşdirmekde ep-esli ösüş gazanandygy bilen düşündirdi.
Resmi beýanata görä, 2025-nji ýylyň iýun aýynda öňki beýannama çykarylandan bäri Türkmenistan şahsyýetleri anyklamak we maglumat alyş-çalyş amallaryny amerikan tarapy bilen ösdürmekde uly ösüşleri görkezdi.

