Turkmenportal logo
16.12.25
1755717557
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýdymçy Arsen Şahunsyň täze aýdymy çykar
Aýdymçy Arsen Şahunsyň täze aýdymy çykar

Aýdymçy we sazanda Arsen Şahuns «Nataşa» atly täze aýdymynyň çykjakdygyny yglan etdi. Bu barada artist sosial ulgamda habar berdi.

«Dostlar, 18-nji dekabrda agşam sagat 18:00-da size täzelik garaşýar, «Nataşa» atly aýdym YouTube-da klip bilen çykar» diýip, aýdymçy ýazgy galdyrdy.

Aýdymçy paýlaşan ýazgysyna täze kompozisiýanyň bir böleginiň wideosyny hem goşdy.

Arsen Şahuns — Türkmenistanda (Mary şäheri) doglan, ermeni asylly belli aýdymçy we aýdym döredijidir. Ol öz döredijilik ýoluna dogany Aleksandr Şahuns bilen bilelikde döreden dueti bilen başlady. Olar gündogar we jaz äheňli aýdymlar bilen meşhurlyk gazandylar, olaryň arasynda «Девочка, стоп!», «Гудбай, до свидания», «Голубка», «Ашхабад» ýaly hit aýdymlar bar.