Türkiýäniň resmi syýahatçylyk platformasy bolan GoTürkiye «Hidden Lover» («Gizlin söýgi») atly üçünji kiçi göwrümli serialyny hödürledi. Taslama halkara tomaşaçylaryna Antalýanyň az tanalýan syýahatçylyk ýerlerini görkezmäge gönükdirilendir.
On seriýadan ybarat romantiki komediýada aktýorlar Eda Eje we Janer Jindoruk çykyş edýärler. Filmiň wakalary binagär Güneşiň işewür Denizi ýalňyşlyk bilen sürüji hökmünde kabul etmeginden başlanýar. Olar deňiz kenary boýunça syýahata çykýarlar, bu ýerde ýaşyryn aýlaglara, gadymy şäherlere baryp görýärler we Ortaýer deňzi sebitiniň ýerli aşhanasy bilen tanyşýarlar.
Platforma gyzykly mazmunly görnüşleri bilen Antalýanyň syýahatçylyk ugurlaryny — kenarýaka zolaklaryny, arheologik ýadygärliklerini we tebigy kanýonlaryny görkezýär, sebitde ýylyň dowamynda dynç almagyň mümkinçiligini öňe sürýär.
Bu «Antalya Gambit» we «İstanbul My Love» atly taslamalardan soň GoTürkiye tarapyndan döredilen üçünji serial bolup, daşary ýurt tomaşaçylarynyň arasynda örän köp tomaşaçylary özüne çekdi.
Platforma tarapyndan berilýän maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda onuň YouTube kanalynyň 5,3 million abunaçysy we 763 milliondan gowrak tomaşaçysy bolup, dünýäde syýahatçylyk guramalarynyň iň iri kanallarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

