Turkmenportal logo
16.12.25
1832818328
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Halkalaýyn ýoluň ugrunda täze ýangyç guýuş beket açyldy
Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Halkalaýyn ýoluň ugrunda täze ýangyç guýuş beket açyldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Halkalaýyn ýoluň ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketler müdirliginiň garamagyndaky täze 250 belgili bekediň açylyş dabarasy geçirildi.

Bu beket bir gije-gündiziň dowamynda 3000 sany awtoulagy awtomobil benzininiň A-95, A-92 we A-80 görnüşleri hem-de dizel ýangyjy bilen bökdençsiz üpjün etmäge ukyplydyr. Täze desgada işgärleriň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin hem ähli zerur şertler döredilipdir.

250 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedinde döwrebap sanly wideogözegçilik enjamlary hem-de merkezi elektron hasabatlaryň ulgamy hem işe goýberildi. Şunda bu beketde hasabatlary jemlemek işiniň awtomatlaşdyrylandygyny bellemelidir. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.