Turkmenportal logo
15.12.25
1524915249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Ispaniýa bilen çölleşmä garşy göreşmekde tejribe alyşýar
Türkmenistan Ispaniýa bilen çölleşmä garşy göreşmekde tejribe alyşýarSurat: mineco.gov.tm

Ispaniýanyň Moskwadaky ilçisi jenap Rikardo Martineziň ýolbaşçylygynda wekiliýet Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri bilen duşuşdy.

Ilçi türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady hem-de mähirli garşylama üçin minnetdarlygyny bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, çölleşmä garşy göreşmek, hem-de plastik zyňyndylar boýunça ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Assambleýasynda öňe süren Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.