Turkmenportal logo
14.12.25
1866718667
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän «Temir-baba» barlag-goýberiş nokady ulanmaga berildi
Surat: primeminister.kz

Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän döwrebaplaşdyrylan «Temir-baba» barlag-goýberiş nokady işe başlady. Desgany düýpli abatlamak işleri Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň tabşyrygy boýunça durmuşa geçirilýän serhetýaka düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäginde ýerine ýetirildi diýlip, Gazagystanyň Premýer-ministriniň resmi saýtynda habar berildi.

Döwrebaplaşdyrma maksatnamasy Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen serhetlerde ýerleşýän jemi 9 sany barlag-goýberiş nokadyny öz içine alýar.

Gurluşyk işleri gatnawlary ýapmazdan we geçirişi azaltmazdan amala aşyryldy. Munuň üçin wagtlaýyn hereket ugry gurnaldy, bu bolsa, nobatlaryň emele gelmeginiň öňüni almaga we ýük hem-de ýolagçy gatnawynyň bökdençsizligini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde, döwrebaplaşdyrylan nokatda serhetden geçmek wagty 30 minuta çenli gysgaldyldy, gatnamalar bolsa gije-gündizde 1 müň awtoulaga çenli artdyryldy.