Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol ugry boýunça ýük daşamalaryň möçberini 2030-njy ýyla çenli iki esse artdyrmak meýilnamalary barada aýtdy. Bu barada Döwlet Baştutany 11-nji dekabrda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň gatnaşmagynda geçirilen Gazak-eýran işewürlik forumynda habar berdi.
Gazagystanyň Prezidentiniň sözlerine görä, häzirki wagtda Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň 85%-i Gazagystanyň çäginden geçýär. Ýurt Ýewraziýa giňişliginde esasy ulag-logistika merkezleriniň biri hökmünde özüni görkezýär we üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Eýrany möhüm hyzmatdaş hasaplaýar.
Gazagystan we Eýran ulag pudagynda birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär. Eýranyň Şahid Rajaýi deňiz portunda transport-logistika terminalynyň gurulmagy meýilleşdirilýär, bu bolsa Gazagystanyň önümlerini dünýä bazarlaryna göni eltip bermegi üpjün etmelidir. Şeýle hem, Gazagystanyň Aktau we Kuryk portlary bilen Eýranyň Amirabat we Anzali portlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak işlenip düzülýär.
Mundan başga-da, Bender-Abbas we Çabahar deňiz portlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Gazagystanyň Prezidentiniň pikiriçe, Merkezi Aziýany Pars aýlagy bilen birleşdirýän multimodal geçelgeleriň ösdürilmegi sebitiň ykdysadyýetine uly täsir ýetirer.
Söwda gatnaşyklarynyň janlanmagy täze senagat taslamalaryny işe girizmäge we sebitde hyzmat merkezleriniň hem-de önümçilik meýdançalarynyň açylmagy üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
