«Türkmengazgurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygy üçin zerur bolan kömekçi materiallar we metal önümler bilen üpjün etmek boýunça halkarabäsleşik yglan etdi. Degişli bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri şeýle hem kompaniýanyň alyp barýan işewürligi hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.
Resminamalar şu görkezilen salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, 189-njy jaý, 3-nji gat, 49-njy otag.
Bäsleşige gatnaşmak üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBüS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg tölemeli. Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Teklipleriň kabul edilmegi 30-njy senenama gününde ýerli wagt bilen sagat 12:00-da tamamlanýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 95-76-93
Elektron salgysy: tapi-pmu@turkmengaz.gov.tm
