Türkmenistan bilen Katar ynsanperwer hyzmatdaşlygy, esasan hem, çagalaryň hukuklary, bilim we saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazandylar. Bu barada türkmen wekiliýetiniň Doha saparyndan soň, TDH-de habar berildi.
Wekiliýete Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýolbaşçylyk etdi. Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa «Diplomatiýa, dialog, dürlülik» şygary astynda geçirilen Doha forumyna gatnaşdy we Kataryň birnäçe resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými, bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater, Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen duşuşdy.
Katar tarapy türkmenleriň Haýyr-sahawat gaznasynyň işine we ynsanperwerlik başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Taraplar enäniň we çaganyň saglygy, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň çäklerinde «Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek» atly tematiki sessiýada Türkmenistanda çagalaryň hukuklary barada alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdi. Soňky dört ýylyň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Russiýadaky, Türkiýedäki, Owganystandaky, Palestinadaky, Täjigistandaky we beýleki ýurtlardaky tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini aýtdy.
Şeýle-de türkmen tarapy Katar Döwletiniň wekiliýetini şu ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata çagyrdy.
Türkmen wekiliýeti Dohadaky Yslam sungaty muzeýine we Sidra lukmançylyk merkezine-de baryp gördi.
