Turkmenportal logo
05.12.25
4887048870
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 11-12-13-nji dekabrda iş güni däl diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 11 – 13-nji dekabry iş güni däl diýlip yglan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynyň ýerine ýetirilmegi, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenildi.