Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar. Bu barada rus Lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakow metbugat brifinginde habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
«Türkmen tarapynyň çakylygy boýunça biziň Prezidentimiziň 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar» diýip, Ý.Uşakow belledi. Şeýle hem 21-22-nji dekabrda Prezident W.Putiniň Sankt-Peterburgda boljakdygyny, ol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen resmi däl duşuşygynyň geçiriljekdigini žurnalistlere habar berdi.
Ozal şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda Prezident Wladimir Putini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrandygyny habar beripdik.
Ýeri gelende bellesek, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelipdi.
