Häzirki wagtda Türkmenistanda ýük we ýolagçy teplowozlaryny düýpli abatlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Bu barada 28-nji noýabrda geçirilen Hökümetiň mejlisinde wise-premýer M. Çakýew demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň bellemegine görä, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk pudagyň ýük dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawynyň, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow pudagyň üstaşyr ulag mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy —diýip, TDH agentligi habar berýär.
