Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, täze 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Aşgabatda taýýarlyk işleri, hususan-da, esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek göz öňünde tutuldy. Şeýle hem «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak Baş arçany we onuň daş-töweregini bezemek işleri boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly Aşgabatda bezeg işlerini geçirmek, baýramçylyk arçalaryny bezemek boýunça geçiriljek işleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi. Bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
