Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek hem-de milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanyna «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
