26-njy noýabrda milli mirasy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi. Dabaralaryň çäklerinde ady agzalan muzeýlerde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergileriň ýaýbaňlandyrylmagy wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, muzeýlere gowşurylan gymmatlyklaryň hatarynda Gadymy Nusaý, Altyndepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Garadepe, Paryzdepe ýaly dünýä belli ýadygärliklerden, Ahal welaýatynyň beýleki gadymy ilatly ýerlerinden dürli ýyllarda tapylan 300-den gowrak arheologik tapyndy, şol sanda at heýkeljigi, toýun gaplar, metal merdiwan, peýkam ujy, iş gurallary we beýlekiler bar.
Şeýle-de muzeýlere antik döwre degişli arheologik tapyndylar gowşuryldy. Hünärmenleriň pikiriçe, şolaryň hatarynda Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Pulhatyn» köprüsi binagärlik ýadygärliginiň golaýyndan tapylan, ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň şekili şekillendirilen kümüş teňňe ady rowaýata öwrülen serkerdäniň ýörişi barada birnäçe maglumatlary ýüze çykaryp biler.
Çykyşlarda arhitektura ýadygärlikleridir beýleki medeni gymmatlyklary muzeýleşdirmek, innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen, kompýuterlerde taryhy tapyndylaryň hasabatynyň ýöredilişini kämilleşdirmek, XXI asyryň muzeý işinde, sungaty öwrenişinde we arheologiýasynda medeni-sungat obýektleriniň ýaşyny hem-de asyl keşbini anyklamagyň dünýäde giňden ulanylýan tejribesinde ýokary tehnologik usullara aýratyn üns çekildi.
