Täze Zelandiýanyň Hökümeti 2050-nji ýyla çenli ýabany pişikleri doly ýok etmekçi. Bu barada ýurduň tebigaty goramak ministri Tama Potaka habar berdi. Ýyrtyjy haýwanlary «Ýyrtyjylarsyz – 2050» atly döwlet maksatnamasyna resmi girizdiler diýip, «NEWS.ru» habar berdi.
Bu başlangyç dünýä möçberinde iň uly tebigaty goramak maksatnamalaryň biri bolup durýar. Onuň wezipesi daşyndan getirilen we faunanyň ýerli görnüşleri üçin howp döredýän ýyrtyjylaryň ählisini ýok etmekden ybaratdyr diýlip, habarda bellenýär.
Soňky maglumatlara görä, ýabany pişikler her ýyl ýerli guşlaryň 1,12 million sanysyny ýok edýärler. Häzirki wagtda ýurtda 2,5 million töweregi ýabany pişik bolup, olar biodürlülik babatda çynlakaý howp döredýärler.
Öň Günorta Afrikadaky adada howanyň maýlamagy bilen baglylykda, syçanlaryň köpçülikleýin ýok edilýändigi habar berlipdi. Tebigaty goraýjylar eger gemrijiler ýok edilmese, ýene ýarym asyrdan adada deňiz guşlarynyň 19 görnüşiniň ýok boljakdygyny aýdýarlar.
