Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet ministri Serik Jumangarin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bilen geçiren duşuşygynda Gazagystanyň «ýaşyl» geçelgäniň» çäginde türkmen miwelerini we gök-önümlerini kabul etmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň resmi saýtynda habar berilýär.
Hususan-da, ol:
«Biz miwe we gök önümleriňiziň biziň bazarymyzda bolmagyna gyzyklanma bildirýäris. Siz näme iberseňiz — pomidor, miweler, gök-önümler — olaryň hemmesini «ýaşyl» geçelge» boýunça kabul etmäge taýýardyrys» diýip belledi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, oba hojalyk harytlarynyň eksportdaky paýy hemişe 30 göterimden ýokary bolýar. Gazagystan daşary ýurtlara bugdaý ununy, günebakar ýagyny, bugdaýy, unaş önümlerini, margarini, çaý konsentratlaryny eksport edýär.
Serik Jumangarin iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagy we oba hojalyk önümleriniň sanawyny giňeldip, oňa bugdaýy, mekgejöweni, arpany, noýbany, soýa dänelerini, günebakar ýagyny, uny, şekeri we beýleki önümleri goşmagy teklip etdi.
Gazagystanyň Türkmenistandan importynyň esasy bölegi tebigy gazdan hem-de miwedir gök önümlerden durýar. Bu ýylda türkmen pomidorynyň gazak bazaryna eksporty 30 müň tonnadan geçdi we bu gök önüm Türkmenistandan import edilýän harytlaryň arasynda ikinji orny eýeledi.

Çeşmäniň beren statistiki maglumatlaryna görä, ýanwar — sentýabr aralygynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 363,6 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, 5,4 göterim ýokarydyr. Hasabat döwründe Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 221,7 million amerikan dollaryna deň bolup, 6,8 göterim ýokarlandy. Öz gezeginde, Gazagystanyň Türkmenistandan amala aşyran importy hem 3,2 göterim artyp, 141,9 million amerikan dollaryna barabar boldy.
2024-nji ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 555,7 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şonuň 335 million Gazagystanyň eksportynyň, 220,7 milliony bolsa importynyň paýyna düşýär.
Mundan ozal, soňky bäş ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň dört esse artandygy habar berlipdi.
