Interýer diňe mebel hem-de bezeg bilen çäklenmeýär, eýsem ol tutuş giňişligiň ruhuny kesgitleýän reňklerdir. Ak Gaýa dükanynyň hünärmenleri interýeriň sazlaşygyny bozup bilýän äheňler we adaty «uniwersal» reňkleriň näme üçin hemişe howpsuz bolmaýandygy barada gürrüň berdiler.
Gaty ýagty – diýmek öte geçildigidir
Elektrik gök, ýagty gyzyl ýa-da neonly äheňler ilkinji seredeniňde täsirli bolup biler. Ýöne şeýle reňkleriň arasynda uzak wagt bolmak ýadawlygy we dartgynlygy döredip biler. Mundan çykalga – olary ölçegli ulanmaly: aşa ýagty diwarlaryň ýerine üns çekiji bezeglerden peýdalanmaly.

Gara – stile laýyk gelýär, ýöne hemme ýerde däl
Gara reňk owadan we döwrebap görünýär, ýöne onuň aşa köplügi interýeri agyr we garaňky edip biler. Bu aýratyn-da ýagtylygy çäkli bolan kiçi otaglarda has-da görnüp durýar. Gara reňki ownuk bezeglerde ulanmak – dartgynly däl-de, nepis täsir döredýär.
Pastel äheňleri hemişe «rahat» däldir
Ujypsyz gülgüne ýa-da açyk gök ýaly pastel reňkleri käwagt ýalňyzlyk we boşluk duýgusyny döredip biler. Olar häsiýet ýa-da ýylylyk goşmaýar. Giňişligi janlandyrmak üçin pastel reňkleri doýgun äheňler bilen utgaşdyrmak has gowudyr.
Gara goňras we goňur reňkler: her burçda geçen asyr
Agyr goňur we goňras reňkli äheňleri giňişligi kiçeldip, interýere könelen görnüş berip biler. Teksturalaryň we möçberleriň dürlüligi, şeýle hem ýagty saçýan äheňler otagy döwrebaplaşdyrmaga kömek eder.
Ýagty gülgüne – ünsli boluň, tiz ýadadýar
Ýaşlaryň arasynda meşhur, ýöne köp mukdarda ulanylanda juda infantil görünýär. Ony çagalar otaglarynda ýa-da ýatylýan hem-de hammam otaglarynda ownuk äheň hökmünde ulanmak has ýerliklidir.
Ak Gaýa reňkleriniň dürliligi – çäksiz dizaýnyň mümkinçilikleridir
Haýsy reňki saýlasaňyz-da, Ak Gaýa dükanynyň ýokary hilli boýag serişdeleri dizaýn pikirleriňizi durmuşa geçirmäge ýardam eder. Dükanyň assortimentinde üç sany öz brendi bar: Kent, Leon we Kontinental. Içerki we daşarky işler üçin boýaglaryň doly görnüşi, bezeg örtükleri, gruntowkalar we poslama garşy gorag serişdeleri hödürlenýär.
Esasy zat – interýer we fasad üçin çäksiz mümkinçilikleri açýan baý reňk palitrasy.
Ak Gaýa – stili siziň bilen bilelikde döredýäris!

Salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi (Obýezdnoý ýol) 40, Ak Gaýa binasy;
Telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
Sosial ulgamdaky sahypasy.
