Taýlandyň günorta welaýatlary aşa güýçli gelen tebigy betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Resmi maglumatlara görä, suw joşgunynyň netijesinde azyndan 10 adam heläk boldy, takmynan 250 müň hojalyk zyýan çekdi — diýip, thepattayanewsru.com saýty ýazýar.
Käbir sebitlerde suwuň derejesi 3 metre ýetdi. Ýeňil awtoulaglar doly suwuň astynda galyp, ýaşaýjylar bilinden geçýän suwuň içinde ýöremäge mejbur bolýarlar. Halas ediş gulluklary ýerli ilaty we syýahatçylary zyýan çeken ýerlerden çykarýarlar.
Hünärmenleriň baha bermeklerine görä, bu suw joşguny ýurtda soňky 300 ýylyň dowamynda bolup geçen iň güýçli tebigy betbagtçylyk boldy.
