Madagaskarda lemurlaryň sany örän azaldy, muňa adanyň ýaşaýjylarynyň olary aşhana modasy edinmegi sebäp boldy diýip, NYT neşiri ýazýar. Ýerliler, esasan, miwe bilen iýmitlenýän lemurlaryň etiniň diýseň tagamlydygyny we arassadygyny, şeýle-de saglyk üçin peýdalydygyny aýdýarlar.
Ýurtda bu maýmyna meňzeş haýwanjyklary iýmegiň 60 ýyldan gowrak mundan öň gadagan edilendigine garamazdan, adalylar ondan ýüz öwrüp bilmeýärler. Hünärmenler onuň etiniň sygyr etinden üç esse gymmatdygyny, jemgyýetdäki derejäni we bol-elin ýaşaýşy aňladýandygyny belleýärler. Olar lemurlary gorap saklamak üçin döwlet we halkara ünsüniň zerurdygyny aýdýarlar.
Madagaskar bu haýwanlaryň ýabany tebigatda ýaşaýan ýeke-täk ýeridir. Ada biodürlülik babatda dünýäde iň gowy sebitleriň hem-de iň garyp ýurtlaryň biri hasaplanýar.
