Kerki etrabyndaky çagalar sungat mekdebi şu ýyl özüniň döredilmeginiň 85 ýyllygyny belleýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurtda meşhur sungat ussatlary bolup ýetişen türkmenistanlylaryň bir bölegi şu mekdebiň uçurymlarydyr. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Häzirki wagtda mekdepde mugallymlaryň 40-a golaýy çagalara sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim berýär. Has takygy, okuwçylar milli, üflenip we kakylyp çalynýan, şeýle hem klawişli saz gurallaryny çalmagy özleşdirýärler. Mekdebiň okuwçylary dürli ýyllarda tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda welaýat we döwlet derejeli bäsleşikleriň ýeňijileri boldular.
Hususan-da, Muzaffar Saparowyň ýolbaşçylygyndaky milli we halk saz gurallary topary, Nigara Astankulowa bilen Marhaba Ergeşowa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän hor topary, Gülşirin Babaýewanyň dutarçy şägirtleri, Agajan Öräýewiň ýolbaşçylygyndaky ýaş bagşylar bäsleşiklerde has üstünlikli çykyş edýärler. Nurmuhammet Möwlýamowyň çeperçilik sungaty bilen meşgullanýan şägirtleri bolsa halkara bäsleşikleriň hem Hormat hatlarydyr baýraklaryna mynasyp boldular.
Mekdebiň ýaş mugallymlary Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Astanberdi Möwlamberdiýew, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Irina Şuwalowa ýaly tejribe ýüki ýetik halypalaryň iş tejribesini öwrenip, olar bilen egin-egne berip işleýärler.
