Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TDH habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleriň guramaçylyk derejesinde ýurduň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Soňra binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy, toplumyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Bu ýerde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmegi forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine, ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan sarpany şöhlelendirýän gymmatlyklar we maglumatlar görkezilmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejedäki meýilnamasynyň düzülmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
