22-nji noýabrda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Dabaraly kabul edişlige Owganystanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma taýýarlyk işleri barada maglumatlar ýetirildi.
Şeýle-de çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan TOPH gaz geçiriji, TOP elektrik geçiriji, demirýol, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy ýaly iri ykdysady taslamalara, owgan halkyna berilýän ynsanperwer kömeklere aýratyn ähmiýet berildi.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgylar görkezildi.
