Aşgabatda Atamyrat Nyýazow adyndaky seýilgähiň durky täzeleniş işleri tamamlandy. Şu ýylyň iýun aýynyň ahyryndan bäri ýapylan seýilgäh ähli geçirilen işlerden soňra şäheriň ýaşaýjylary üçin ýene-de gapylaryny açdy.
Durky täzeleniş döwründe seýilgähiň örtük daşlary doly çalşyryldy, täze çyralar oturdyldy. Aýratyn hem suw çüwdürimlerine uly üns berildi — indi olar dürli reňkli yşyklar bilen bezelip, agşam çaglary aýratyn täsin gurşawy döredýär. Mundan başga-da, seýilgähiň çägine ses ulgamy oturdyldy, şonuň üçin myhmanlaryň gezelençleri saz bilen utgaşýar.

Dynç alýanlaryň rahatlygy üçin oturgyçlar hem täzelendi. Durky täzeleniş işleri diňe seýilgähiň özüni däl-de, eýsem golaýdaky ýerleri hem öz içine aldy — seýilgähiň ýanyndaky Mollanepes we Seýdi köçeleriniň örtügi abatlandy.
Durky täzeleniş işlerini «Sport Ýyldyzy» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi.
Seýilgähde gezelenç edýänler ýerine ýetirilen işleriň hilini bellediler we täzelenişden kanagatlanma bildirdiler.
Atamyrat Nyýazow adyndaky seýilgäh paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň iň halanýan dynç alyş ýerleriniň biri bolup, köp sanly ýaşyl ösümlikleri we amatly gurşawy bilen meşhurdyr.
