10–15-nji noýabr aralygynda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 21-nji okuw-terbiýeçilik orta mekdebinde Hoşniýetlilik hepdeligi geçirildi. Mekdebiň ýolbaşçylarynyň «Turkmenportala» beren maglumatyna görä, bu çäre dürli ýaşdaky okuwçylaryň arasynda medeni açyklygy, özara düşünişmegi, hormat goýmagy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirildi.
Çäreleri geçirmek boýunça taýýarlyk görmekde we guramakda mekdebiň meýletinçileri aýratyn orun eýelediler. Olar diňe bir interaktiw tapgyrlary taýýarlamakda we fleşmoblary gurnamakda däl-de, eýsem kiçi synplaryň okuwçylaryna hoşniýetli aragatnaşyk saklamagyň esaslaryny öwretmekde hem guramaçy hökmünde çykyş etdiler.

Hepdeligiň esasy maksady — adamlaryň arasyndaky tapawutlaryň aragatnaşyga päsgelçilik däl-de, jemgyýetçilik ösüşine we jemgyýetiň kuwwatynyň berkemegine ýardam edýändigini görkezmekdi.
Hepdelik «Biz dürli, ýöne biz bilediris» atly dabaraly açylyşy bilen başlandy. Şol gün ýokary synp okuwçylary häzirki zaman dünýäsinde hoşniýetliligiň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlary taýýarladylar, kiçi synplaryň okuwçylary bolsa dostlugyň we özara goldawyň gymmatyny görkezýän oýunly sahnalara gatnaşdylar.
5–12-nji synplaryň okuwçylary üçin «Hoşniýetliligiň ýollary bilen» atly tälim beriş sapaklary geçirildi. Olar duýgy taýdan düşünmek ukybyny ösdürmäge, diňlemegi we eşitmegi öwrenmäge, jedellerden gaça durmaga hem-de konstruktiw dialog gurmaga gönükdirildi. Kiçi synplaryň okuwçylary bolsa «Hoşniýetlilik ýurduna syýahat» atly interaktiw oýna gatnaşyp, mylaýym sypatdaky özara gatnaşygy oýun görnüşinde özleşdirdiler.

11-nji noýabrda «Tanyşlyk güni» mynasybetli «Sen we men — biz dürli, ýöne ikimiz hem ajaýyp» atly kwest-oýny geçirildi. Onda toparlar umumy gyzyklanmalary tapmaga, özara goldaw bermekligi görkezmäge we bilelikde işleşmäge gönükdirilen tapgyrlary ýerine ýetirdiler.
Mundan başga-da, «Mylaýym sözler» atly çäre gurnaldy. Bu çäräniň çäklerinde okuwçylar biri-birine oňyn habarlary galdyrmak bilen, «ýagşy sözleriň» ýygyndysyny döretdiler.
12–13-nji noýabr aralygynda hepdeligiň iň ýokary pursatlary «Mähir, ýylgyryş we dostluk» mowzugy bilen baglanyşykly boldy. «Ýylgyryşy paýlaş» atly çärede ýaşlar oňyn duýgulary görkezýän maskalary taýýarladylar, olar dürli arzuwlary beýan edýän suratlary paýladylar we biri-birine ýagşy sözleri aýtdylar.

Hepdeligiň çäklerinde şeýle hem «Mähirli bolmak — aňsat» atly çäre geçirildi. Okuwçylar «Meniň mähirli günüm» atly fleşmoba gatnaşyp, oňyn hereketlerini — synpdaşlaryna kömek etmek, goldaw bermek we mätäçlere üns görkezmek ýaly işleri belläp geçdiler.
14-nji noýabrda «Mähir güni» diýlip yglan edildi. Şol gün 9–12-nji synplaryň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Halklaryň dostlugy» atly sazly festiwal geçirildi. Ugurdaş ýagdaýda 5–8-nji synplaryň okuwçylary «Näme üçin mähir gerek?» atly düzme ýazmak bäsleşigine gatnaşyp, ynsanperwerligiň, özara ýardam bermegiň we rehimdarlygyň gymmaty barada pikir alyşdylar. Gün «Bilelikde tans edeliň» atly çäre bilen tamamlandy. Okuwçylar erkin ýagdaýda aragatnaşyk gurup, döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek we dostlukly gatnaşygy berkitmek mümkinçiliklerine eýe boldular.
15-nji noýabrda geçirilen mekdep nyzamynda hepdeligiň jemleri jemlendi. Mekdebiň ýolbaşçylary tarapyndan iň işjeň gatnaşan synplar we okuwçylar bellenildi, mekdepde hoşniýetli gurşawy döretmäge goşan goşandy üçin olara minnetdarlyk bildirildi.
Şeýlelik bilen, 21-nji mekdepde geçirilen «Hoşniýetlilik hepdeligi» hormat goýmak medeniýetini kemala getirmäge, aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmäge we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen möhüm terbiýeçilik tejribesi boldy.
