Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 150 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ukrainanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Gyrgyzystanyň, Estoniýanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan, dürli görnüşli žakkard tüýjümek önümler, jins önümleri ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy, nebit koksuny («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, dokma önümleriniň galyndylaryny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, garaköli goýnunyň ýüňüni, buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar. Gepleşikleriň jemi bahasy 278 million 156 müň manatdan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.
