Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçirildi. Maslahatda «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle-de «Wirtual aktiwler hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, «Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.
Kabul edilen resminamalar döwletiň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam eder.
Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde hem-de hojalyk iş maslahatynda öňde goýan wezipelerini, şanly senä bagyşlanyp, dünýä döwletleriniň giň wekilçiliginde geçiriljek halkara forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada pikir alşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde deputatlaryň halk bilen maslahatlaşyp, täze 2026-njy ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydyklary barada kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, deputatlaryň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda öňde durýan işler kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

