Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatdaky halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de şäheriň abadançylygyna, bezeg işlerine, gök zolaklaryň talabalaýyk döredilmegine zerur üns berilmelidigini belläp, meýilleşdirilen halkara çäreleriniň guramaçylyk derejesinde ýurduň ösüşiniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we bu barada degerli öwüt-nesihatlaryny berdi.
Şeýle hem hasabatlaryň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabatlar berildi. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna giň möçberli medeni çäreler we dabaralar ýaýbaňlandyrylar. Aýratyn-da, halkara çärelerine gatnaşýan myhmanlar üçin medeni we durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi hödürlener. Şunda milli myhmansöýerlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylar.
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýeriniň mukaddes künjege öwrülendigini aýdyp, bu ýeriniň adamlaryň we şäheriň myhmanlarynyň söýgüli, uly buýsanç bilen gelýän ýeri hökmünde ykrar edilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, halkara meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Binalarda geçiriljek halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli tagallalar edilmelidir, munuň özi halkara çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şunda çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleler ünsden düşürilmeli däldir we dünýäniň ösen tejribesiniň we häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Merkezlerde internet we aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra dag çeşmeleriniň suwundan emele gelen suw howdanynyň deňinde saklandy. «Bitaraplygyň suw howdany» diýlip atlandyrylan bu howdan Aşgabadyň ak mermerleri bilen utgaşyp, onuň bu görnüşi özboluşly gözelligi döredýär.
Berekedine bereket goşýan suwuň ähmiýeti barada aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow howdanyň arassaçylyk derejesine we suwuň talabalaýyk ýagdaýda rejeli saklanmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
