20-nji noýabrda Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Dabara Hessen federal ýeriniň Döwlet kansellariýasynyň wekilleri, maliýe institutlarynyň we bank düzümleriniň hünärmenleri, Hessende akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet we ylmy jemgyýetçiligiň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.
Türkmenistanyň konsuly öz çykyşynda ýurduň Bitaraplyk derejesiniň geçen 30 ýylyň dowamynda döwletiň içeri we daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigini nygtady. Şeýle-de, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebitleýin howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ykdysady ösüşi üpjün etmekde hem-de döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara forumyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek bu forum halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň, durnukly ösüşiň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hem-de BMG-niň parahatçylyk ýörelgelerini berkitmekdäki bitarap döwletleriň ornunyň ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meýdançasyna öwrüler.
Resmi çykyşdan soň Türkmenistanyň barada gürrüň berýän wideoşekil görkezildi, şeýle hem kabul edişlikde myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.
